- keýp
- Içki duýgy ýagdaýy, bir zatdan alynýan lezzet, hezillik, sapa.∙ Ol barýanlaryň keýpleri kök, ruhlary şat. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)◊ keýp bermek — Hezil bermek, şatlandyrmak, gülüşdirmek, göwün açmak.∙ Bu bolsa oňa keýp berýärdi, göwnüni göterýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)◊ keýp çekmek — Hezilli, lezzetli oturyşmak, wagtyňy hoşlamak.∙ Siz keýp çekiň. («Sowet edebiýaty» žurnaly)◊ keýpden çykmak — Hezil etmek, ýadaýançaň oýnamak, görmek we ş. m.∙ Ol bu sapar möjekleri kowmak keýpinden çykmagy ýüregine düwen bolara çemeli. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)◊ keýpi bozuk — Göwni şat däl, tukat.∙ Keýpimiň bozuk wagtynda sen meni güldürdiň! (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Çopan Ogly)◊ keýpi kök — Mes, wagty hoş, şähdaçyk.∙ Keýpiniň kök mahallary ol käte aýdyma hem hiňlenerdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)◊ keýpini uçurmak — Keýpini bozmak.◊ keýpiň kelläňde — Näme etseň özüň bil, isläniňi et.◊ keýpiňi köklemek — Wagtyňy hoşlamak, göwni açmak, götermek.∙ Ýolagçylar çaý-suwdan keýplerini köklediler. («Sowet edebiýaty» žurnaly)◊ keýpiňi sazlamak — Keýpiňi kök etmek.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.